Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu biraýlygyň geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Şu döwürde birnäçe sport çäreleri, welosiped ýaryşlary, esasan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin durlup geçilýär.