Awazanyň owazy

7 Awgust 2024
72

Gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky arassa çägeli, bejeriş ähmiýetli howasy, jana şypaly suwy bilen tanalýan, dürli ýaşdaky adamlary öz gözelliklerine bendiwan eýleýän, seýil-syýahata çagyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ýurdumyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýere öz saglygyny berkitmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlar döredilen mümkinçiliklerden hoşal bolup, bagtyýar döwrümize buýsanýarlar.

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar. Bu halkara ders olimpiadasy ýaş nesilleri bilime höweslendirmekde, zehinlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar 1 — 10-njy awgust aralygynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine höwes bilen gatnaşyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler. Mundan başga-da, olar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açýan döredijilik, surat çekmek bäsleşiklerine, çeper okaýyşlara, gyzykly sport ýaryşlaryna, toparlaýyn oýunlara, aýdym-sazly konsertlere hem-de beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary bimöçberdir.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.