Medeni miras we halkara hukugy

7 Awgust 2024
131

Ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasy aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolup, ol bütindünýä medeni mirasynyň düzüm bölegidir. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagy hasaplanýar. Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, özboluşly medeni mirasy bar. Türkmenistan dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna girýän maddy we ruhy medeniýetiň köp sanly ýadygärliklerinde saklanyp galan täsin mirasa eýedir.

Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyz halkara hukuk kadalaryny ileri tutmak bilen, halkara resminamalaryň ençemesine goşuldy. Olaryň hatarynda «Medeni miras» diýen düşünjäni kesgitleýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyny hem-de Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Gaaga Konwensiýasyny görkezmek bolar.

Rejep ÇARYGULYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.