Ak arzuwlar bilen ak mekdebe

7 Awgust 2024
85

Häzirki wagtda ýurdumyzda barha golaýlaýan 2024 — 2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň «Teke» bazarynda, «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda, şeýle hem birnäçe söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň bazarlaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň söwda we dynç alyş merkezleriniň, bazarlarynyň ýanlarynda guralan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň gelim-gidimi barha artýar. Hepdäniň ähli günlerinde söwda etmäge mümkinçilik döredilen bu bazarlaryň harytlarynyň uly böleginiň ýurdumyzda öndürilen önümlerdigini aýtmak has-da ýakymly. Şeýle göçme söwda nokatlarynyň biri bolan, «Bereketli» bazarynyň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda bolanymyzda, ata-eneleri bilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini, okuw lybaslaryny, sport egin-eşiklerini we beýleki zerur gerekli harytlaryny satyn almaga gelen ýaşajyk raýatlarymyzyň, talyp ýaşlaryň örän köpdügine göz ýetirdik.

Ýörite habarçymyz.