HABARLAR

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýär

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şonuň ýaly-da, «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ileri tutulýan ugurlar

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Rahman HOJIÝEW, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary: — Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty halkymyzyň hoşniýetli, ynsanperwer häsiýetlerinden gelip çykýan baý taryhy tejribä esaslanýar. Döwletara gatnaşyklarynda birek-birege sarpa goýmak, açyklyk, parahatsöýüjilik, beýleki halklaryň medeniýetini we milli özboluşlylygyny hormatlamak ýaly häsiýetler gadymdan gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň netijesidir. Ýurdumyzyň Bitaraplygy halkara bileleşiginde hereket etmegiň syýasaty bolmak bilen birlikde, halkara we döwletara derejede ygtybarly ynamy gazanmagyň guraly bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen edaralary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

19-njy okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy  Wa­git Alek­pe­ro­wy we «Rö­ne­sans Hol­ding» türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di. «Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy mil­li Li­de­ri­mi­ze wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Rus­si­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň, hu­su­san-da, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­myz bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Myh­man şeý­le hem döw­let Baştu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy we mil­li Li­de­ri­mi­ze eziz Wa­ta­ny­my­zyň hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Türkmenistan: möhüm wakalar we habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady 17.10.2021. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 14-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Hytaýda utgaşyk görnüşde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda milli Liderimiz Türkmenistanyň ozal öňe süren BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky maksatnamasyna gaýdyp gelmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Möhüm wezipeler täzeçil çemeleşmeleri talap edýär

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri we Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza gelip başlady.

Ýaşlar — Watan kuwwaty

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň şu günki özgerişlerini geljekde has-da pugtalandyrmak, at-abraýyny belende galdyrmak wezipesi ýaşlaryň paýyna düşýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär ýoluna ugrukmagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan giň şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň esasy ýörelgeleri hökmünde ýaşlaryň ähli hukuk, ynsanperwerlik, erkinlik kepilligi, durmuş-ykdysady taýdan goraglylygy, olaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny ileri tutmak we beýleki derwaýys meseleler öňe sürülýär. Ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi türkmen ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirýän, watansöýüji, ezber, köp dilleri bilýän, kompýuter sowatly, beden we ruhy taýdan kämil hünärmenler edip terbiýelemäge gönükdirilip, bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär

Özgertmeler durnukly ösüşiň esasydyr

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.