Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

21 Oktýabr 2021
831

Rahman HOJIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary:

— Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty halkymyzyň hoşniýetli, ynsanperwer häsiýetlerinden gelip çykýan baý taryhy tejribä esaslanýar. Döwletara gatnaşyklarynda birek-birege sarpa goýmak, açyklyk, parahatsöýüjilik, beýleki halklaryň medeniýetini we milli özboluşlylygyny hormatlamak ýaly häsiýetler gadymdan gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň netijesidir. Ýurdumyzyň Bitaraplygy halkara bileleşiginde hereket etmegiň syýasaty bolmak bilen birlikde, halkara we döwletara derejede ygtybarly ynamy gazanmagyň guraly bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen edaralary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

«Adalat».