Ýurdumyz özgertmeler ýoly bilen öňe barýar

3 sagat öň
3

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi aýratyn bellenilmäge mynasyp bolup, onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

HALAL ZÄHMETIŇ HÖZIRINI GÖRÜP ÝAŞAMAKLARY ARZUW EDILDI

«Nesil».