Il-ýurt bähbitli çözgütler

20 Oktýabr 2021
692

Hepdäniň duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.