Ulag diplomatiýasynyň binýady berkidilýär

20 Oktýabr 2021
593

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, ulag diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygynda aýratyn ornuny nygtapdy. Geçen gysga wagtyň dowamynda ulag diplomatiýasyny ösdürmek, onuň syýasy-hukuk we maýa goýum-infrastruktura binýadyny berkitmek ugrunda netijeli işler amal edildi. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän şertlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýar.

Syýasy-hukuk binýadynyň berkidilmegi ugrunda amal edilýän işler giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň mazmunynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat ýatlanylýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.