Durnukly ulag ulgamy

20 Oktýabr 2021
604

Türkmenistan Watanymyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen mähriban ýurdumyzdan dünýä döwletlerine dostluk ýollary uzaýar. Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýa hem-de deňizýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän anyk teklipleri yzygiderli öňe sürmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, üstaşyr ulag, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge degişli hemmetaraplaýyn işler amal edilýär.

Häzirki döwürde Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagyny şertlendirýän wajyp logistik merkez bolup durýar. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bu deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň sebitlerine çykmak üçin amatly şertleri üpjün edýär.

«Esger».