Möhüm wezipeler täzeçil çemeleşmeleri talap edýär

20 Oktýabr 2021
775

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri we Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza gelip başlady.

"Nesil".