Dostlukly hyzmatdaşlyklar berkeýär

20 Oktýabr 2021
841

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy oktýabrda «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekdäki uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

«Watan».