Aýdyň hem belent maksatlar

20 Oktýabr 2021
623

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de «Erkin» seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny aýtdy. Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk hem-de gyş möwsüminiň gelip ýetmegi bilen, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyny bökdençsiz işletmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berildi.

«Aşgabat».