Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýär

21 Oktýabr 2021
834

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şonuň ýaly-da, «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

«Mugallymlar gazeti».