Ýaşlar — Watan kuwwaty

20 Oktýabr 2021
758

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň şu günki özgerişlerini geljekde has-da pugtalandyrmak, at-abraýyny belende galdyrmak wezipesi ýaşlaryň paýyna düşýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär ýoluna ugrukmagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan giň şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň esasy ýörelgeleri hökmünde ýaşlaryň ähli hukuk, ynsanperwerlik, erkinlik kepilligi, durmuş-ykdysady taýdan goraglylygy, olaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny ileri tutmak we beýleki derwaýys meseleler öňe sürülýär. Ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi türkmen ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirýän, watansöýüji, ezber, köp dilleri bilýän, kompýuter sowatly, beden we ruhy taýdan kämil hünärmenler edip terbiýelemäge gönükdirilip, bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.