Köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

21 Oktýabr 2021
804

19-njy okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy  Wa­git Alek­pe­ro­wy we «Rö­ne­sans Hol­ding» türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.

«Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy mil­li Li­de­ri­mi­ze wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Rus­si­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň, hu­su­san-da, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­myz bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Myh­man şeý­le hem döw­let Baştu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy we mil­li Li­de­ri­mi­ze eziz Wa­ta­ny­my­zyň hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.