HABARLAR

Iň uly mango

Biz mango ösümliginiň miwesini iň agyr bolanda 1-2 kilogramdan aňry geçmez diýip pikir edýäris. Ýöne kolumbiýaly fermerleriň ýetişdiren mangosy 4,25 kilograma ýetdi. Bu mango Kolumbiýanyň oba hojalyk toplumlarynyň birinde – Guaýata şäheriniň German Orlando we Reýna Mariya degişli San-Martin fermasynda ýetişdirildi. Täsin miwe Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Ary ýokanjy kesgitlär

Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we «lnsectSense» startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen, arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada «agroxxi.ru» habar berýär. Tejribe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda, arylar şeker bilen sylaglanyldy.

Hem bezeg, hem saglyk çeşmesi

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne otag ösümlikleriniň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga-da haýry kän eken. Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariýa ýaly otag gülleri hoşboý ysy hem-de fitonsid täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Dronlar ýagyş ýagdyrmakda ulanylar

Iňlis alymlary ekinleri ýagyş suwy bilen suwarmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar uçarmansyz uçýan enjamlaryň (dronlaryň) kömegi bilen ýagyş ýagdyryp boljakdygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Olaryň oýlap tapan täze tehnologiýasy ygal ýetmezçiligi meselesini çözüp biler diýlip çaklanylýar. Bu oýlap tapyş, esasan, howa şertleri gurak bolan ýurtlar üçin peýdalydyr. Çünki Ýer ýüzünde birnäçe aýlap nem dammaýan ýurtlar diýseň kän.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Döwletimiziň oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynda himiýa serişdeleri, mineral dökünleri ýylsaýyn köp mukdarda ulanylýar. Olar öndürilende, daşalanda we saklanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berilse, ýangynlaryň ýüze çykmagyna getirip biljek howply ýagdaýlary döredýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň çäginde ýerleşýän himiýa önümlerini we mineral dökünlerini ulanýan hem-de obasenagat toplumy üçin mineral dökünleridir himiýa serişdeleri saklanýan edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlygy boýunça talap edilýän düzgünleriň berjaý edilmegi zerurdyr. Täze işe kabul edilýän işçi-gullukçylar, inžener-tehniki işgärler üçin ammar jaýlaryndaky saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň häsiýetlerini düşündirýän maglumat beriji, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrediji gözükdiriş işleri geçirilmeli. Iş güni gutarandan soň, himiýa önümleri, mineral dökünleri saklanýan ammar jaýlary ýapylmazdan öň, hemme ýerlerini ünsli gözden geçirip, ýangyn howpsuzlyk düzgün bozmalary bar bolan halatynda, olaryň doly düzedilmegini gazanmaly. Ammar jaýlarynyň müdirleri saklanýan himiýa önümleriniň, mineral dökünleriniň esasy fiziki-himiki häsiýetlerini, ýangyn dörän halatynda oňa garşy göreşmegiň çärelerini, Ýangyn

500 tonna pile ugrunda

TEJRIBELI ÝÜPEKÇILERIŇ ALADALARYHäzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde hem az däl. Has takygy, bu ýerde jemi 203 ýüpekçi bolup, olar  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň esasy wezipesi hasaplaýar. Hudaýberdi Reýimberdiýew hem birleşigiň başarjaň pileçileriniň biri hökmünde tanalýar. Çünki ol ençeme ýyllardan bäri ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen, bu işiň ýol-ýodalaryna belet bolup, her ýyl Watan harmanyna ak piläniň saldamly hasylyny goşup gelýär. Şu möwsümiň başynda ýene-de olaryň bir gutusyny idetmäge alypdyr. Häzirki wagtda ol öz maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryny idetmegi talabalaýyk alyp barýar.

Ýokary netijeler gazanylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky degirmen toplumynda döwrebap işler bitirilýär. Guşgursak dänäni ygtybarly saklamaga we talaba laýyk üwemäge ähli mümkinçiligi bolan bu toplumda her gije-gündizde taýýarlanylýan ýokary hilli un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen hasabat döwründe bu ýerde 9 müň 591 tonna derek 10 müň tonnadan gowrak bugdaý üwelip, 2 müň 501 tonna ýokary we 5 müň tonna barabar birinji sortly un taýýarlanyldy. Dört aýda öndürilen kepegiň möçberi 2,3 tonna golaýlady. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen berjaý edilendigini görkezýär.

Atyzlar göwnüňi göterýär

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri gowaçaly atyzlary turuwbaşdan uly alada bilen gurşaýarlar. Gowaçaly atyzlara ilkinji hatarara bejergilerini geçirip, ilkinji ösüş suwlaryny berip, her bir möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek häzirki günler daýhanyň esasy aladasydyr. Barha görklenýän gowaçaly atyzlaryň ertirki gün bol-bereketli hasyl eçilmegi üçin göwnejaý idegiň gerekdigine oňat düşünýän hojalygyň kärendeçileri ideg işini barha güýçlendirýärler. Bu işde daýhan birleşiginiň Parahat Durdyýew, Tirkiş Allamyradow, Kerwen Mämmäýew dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 2-nji, 9-njy, 19-njy pagtaçylyk toparlarynyň zähmetsöýer kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Bu öňdebaryjy toparlaryň kärendeçileri häzir degişlilikde 145, 187, 77 gektar meýdanlara ideg edýärler. — Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir adamyň, hünärmeniň tijenmeli wagty geldi. Indi yhlasyň, zähmetiň bolsa görkezibermeli. «Herekete — bereket» diýleni. Ýerden bereketli hasyl almak üçin her bir möhüm agrotehniki çäräniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly. Şol çäreleriň geçirilmeginiň hilini gözegçilikde saklap, kärendeçi daýhanlara her bir işde ýakyndan ýardam berip durýarys — diýip, daýhan bi

Künji

Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine görä, künji ekinini ähli etraplarda ekip, hasyl almaga mümkinçilik bar. Ata-babalarymyz künjini aýratyn ýa-da bakja ekinleri bilen garyşdyryp ekipdirler. Kökleri kuwwatly bolansoň, topragyň çuň gatlaklaryna aralaşýar. Künjiniň dänesinde 50 — 65%-e çenli tagamly we ysy ýakymly ýokary hilli, süýjümtik, açyk sary reňkli suwuk ýagy bardyr, ol özüniň tagamy boýunça zeýtun ýagyny ýatladýar. Künji ýagy mikroelementlere we dürli görnüşli ýag kislotalaryna baýdyr.Künji ýagy tagamy we hili boýunça günebakar, gowaça ýagyndan has ýokarydyr. Künji ýagynyň düzümindäki sezamol (oksigidrohinonyň metil efiri) ýagyň zaýalanman 9 ýyla çenli saklanmagyna ýardam berýär. Künji ýagy suwuk usulda alnanda köke, süýji önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Eger-de onuň ýagy gyzgyn usulda gysylyp alynsa, ol ýag tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Ýag alnandan soň, galan künjarasynyň 100 kilogramynda 32 iýmit birligi bolup, (bir ot-iým birligi bir kilogram arpanyň ýokumyna deňdir) mallar üçin örän ýokumlydyr.

Lawr ýapragy

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymylarynyň biridir. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli, bu ot kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar. Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň, şeýle-de almanyň, dalçynyň, gwozdikanyň ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümlikleriň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.