Ýertudana

11 Maý 2021
1297

Ýertudanasy bägüller maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlik bolup onuň ilkinji medeniýetleşdirilen görnüşleri XV asyrda peýda bolupdyr. Soňlugy bilen, XVIII asyryň başlarynda iri miweli görnüşleri ýaýrapdyr. Häzirki döwürde dünýäde ýertudanasynyň 30-dan gowrak görnüşi bar. Ýertudananyň düzüminde köp sanly biologik işjeň maddalar, dürli ýokumlar bar. Ony aprel-sentýabr, şeýle-de, oktýabr aýlarynda ekmek bolýar. Bu iýmiş maý we iýun aýlarynda gowy ýetişýär.

Ýertudana iň çalt miwä durup başlaýan ösümlikleriň biridir. Ol ekilenden bir ýyl hem geçmänkä hasyla durup başlaýar. siňdirilen zähmetiň miwesini şeýle tiz wagtda görmek daýhançylyk bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Mundan başga-da, ýertudanasyny ýetişdirmek beýleki miweli ösümliklere garanyňda az zähmeti talap edýär. Adatça, ýertudana ekilen meýdan 4 ýyl saklanylýar. Ekin dolanyşygy üçin ol ekin meýdanda nohut, ysmanak, sogan, sarymsak, şugundyr ýaly ekinler ekilýär.

Taýýarlan Şöhrat ORAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.