Ýokary netijeler gazanylýar

14 Maý 2021
989

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabyndaky degirmen toplumynda döwrebap işler bitirilýär. Guşgursak dänäni ygtybarly saklamaga we talaba laýyk üwemäge ähli mümkinçiligi bolan bu toplumda her gije-gündizde taýýarlanylýan ýokary hilli un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen hasabat döwründe bu ýerde 9 müň 591 tonna derek 10 müň tonnadan gowrak bugdaý üwelip, 2 müň 501 tonna ýokary we 5 müň tonna barabar birinji sortly un taýýarlanyldy. Dört aýda öndürilen kepegiň möçberi 2,3 tonna golaýlady. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen berjaý edilendigini görkezýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).