Hem bezeg, hem saglyk çeşmesi

16 Maý 2021
1019

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne otag ösümlikleriniň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga-da haýry kän eken.

Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariýa ýaly otag gülleri hoşboý ysy hem-de fitonsid täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Jeren Myradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.