Ýeralma ýetişdirilýär

9 Maý 2021
1094

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýylynda Babadaýhan etrabynyň gök ekerançylary 330 gektar meýdanda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Bu ekine ideg etmekde etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Myratgeldi Ballarow, S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Çarymyrat Rejebow, Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginden Myratguly Baýramow we «Ak altyn» daýhan birleşiginden Döwletgeldi Ýollyýew dagy has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Zähmetsöýer kärendeçileriň, degişlilikde, 85, 15, 100 we 30 gektar meýdanlarda ýetişdirýän ýeralmalaryny göreniňde göwnüň göterilýär.

Şu günler uly alada bilen gurşalan ýeralmaly meýdanlar bereketli hasyl toplaýarlar. Ekin meýdanlaryndaky ideg işleri bilen tanşanyňda onuň ýer eýelerini dilgir etmejekdigine ynanýarsyň.

Nowruz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň esasy hünärmeni.