Talabalaýyk ideg edilýär

10 Maý 2021
1248

Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri döwlete ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, arman-ýadaman, tutanýerli zähmet çekýärler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri gaýtadan işleýän senagatymyz üçin gymmatly çig malyň 97 tonnasyny tabşyrmagy maksat edindiler. Şeýle maksat bilen, tutuş etrabymyz boýunça 2466 guty ýüpek tohumy paýlanyp berildi.

Baýrammyrat REÝIMOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy.