Künji

14 Maý 2021
1293

Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine görä, künji ekinini ähli etraplarda ekip, hasyl almaga mümkinçilik bar. Ata-babalarymyz künjini aýratyn ýa-da bakja ekinleri bilen garyşdyryp ekipdirler. Kökleri kuwwatly bolansoň, topragyň çuň gatlaklaryna aralaşýar. Künjiniň dänesinde 50 — 65%-e çenli tagamly we ysy ýakymly ýokary hilli, süýjümtik, açyk sary reňkli suwuk ýagy bardyr, ol özüniň tagamy boýunça zeýtun ýagyny ýatladýar. Künji ýagy mikroelementlere we dürli görnüşli ýag kislotalaryna baýdyr.Künji ýagy tagamy we hili boýunça günebakar, gowaça ýagyndan has ýokarydyr.

Künji ýagynyň düzümindäki sezamol (oksigidrohinonyň metil efiri) ýagyň zaýalanman 9 ýyla çenli saklanmagyna ýardam berýär. Künji ýagy suwuk usulda alnanda köke, süýji önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Eger-de onuň ýagy gyzgyn usulda gysylyp alynsa, ol ýag tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Ýag alnandan soň, galan künjarasynyň 100 kilogramynda 32 iýmit birligi bolup, (bir ot-iým birligi bir kilogram arpanyň ýokumyna deňdir) mallar üçin örän ýokumlydyr.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.