Şugundyr — milli ekin

11 Maý 2021
1244

«Maryşeker» döwlet kärhanasy gurlandan soňra, ýurdumyzda köpçülikleýin ekilýän gant şugundyry döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» gant şugundyryny ýetişdirmegi 2025-nji ýylda 224 müň tonna çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şundan görnüşi ýaly, bu ekin ýurdumyzda indi möhüm ähmiýetli köpçülikleýin ekilýän ekinleriň birine öwrüldi.

Gant şugundyry biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ekilmek bilen ata-babalarymyz öz döwründe ýönekeý usullar bilen ondan birnäçe önüm öndürmegi başarypdyrlar. Şeker, gant ýaly azyklyk önümleri öndürmekde esasy çig mal bolan gant şugundyrynyň soňabaka melhemlik häsiýetleri-de öwrenilip, ol birnäçe derdi bejermek üçin lukmançylykda hem ulanylyp başlanýar. Hatda onuň ýapraklary-da ýapgy hökmünde bedendäki käbir yzlary aýyrmakda ulanylypdyr. Daýhanlar gant şugundyrynyň topragy gurplandyrýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin olar köplenç, bugdaýyň yzyna gant şugundyryny ekip, soňra geljek ýazda ekiljek gowaçanyň hasyllylygynyň ep-esli artýandygyny belleýärler. Netijede bugdaý — gant şugundyry — gowaça ekin dolanyşygy köp ulanylýan usul bolup durýar. Iň guwandyryjy ýeri-de bu ekinleriň üçüsi-de döwlet tabşyrygyna girýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».