Öňdeligi eýelediler

12 Maý 2021
1466

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda beýleki oba hojalyk işgärleri ýaly ýüpekçi kärendeçiler hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlige besläp, bol pile hasylyny döwlete tabşyrýarlar. Welaýatymyzyň ýüpekçileri gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler. Şu günler «Welaýat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky pile kabul ediş we guradyş bölümlerinde ýüpekçileriň ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär.

— Etrabymyzdaky S. A. Nyýazow adyndaky ylmy önümçilik synag hojalygy ýurdumyz boýunça ilkinjileriň hatarynda bellenilen meýilnamalaryny berjaý edip, döwlete bol pile hasylyny tabşyrmagy başardylar. Olar üstümizdäki ýylda ýüpek gurçugyny talabalaýyk idedip, 479 kilogram pile hasylyny taýýarladylar. Ylmy önümçilik synag hojalygy ýene-de 100 kilogram pile taýýarlamagy meýilleşdirýär. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, tejribeli ýüpekçilere etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar — diýip, TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew gürrüň berdi.