Lawr ýapragy

13 Maý 2021
1714

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymylarynyň biridir. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli, bu ot kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar.

Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň, şeýle-de almanyň, dalçynyň, gwozdikanyň ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümlikleriň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Täçdurdy ŞEKERALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.