HABARLAR

«...Hasta bolmazdan burun»

Sagdyn bolmak, köplenç ýagdaýda, biziň özümize bagly. Eger-de keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Şeýle bolansoň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pendini özüne durmuş ýörelgesi edinen adam sag hem ruhubelent ýaşar. Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlap ugraýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirus keselinden goranmak üçin pasla görä geýnip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Kadaly iýmitlenip, gerekli mukdarda witaminleri, minerallary, beloklary, uglewodlary, ýaglary kabul etmeli. Munuň üçin günüň dowamynda gök we bakja önümlerini, ir-iýmişleri, galla önümlerinden we kösüklilerden gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen naharlary, et we süýt önümlerini iýmeli.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Paslyň çalyşmagy, howanyň sowamagy dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dünýäde iň köp ýaýran şeýle keselleriň biri-de ýiti respirator keselidir. Ýiti respirator keseli bilen ýarawsyzlyk tapynan näsagy, ilkinji nobatda, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, nahar iýýän okara-çemçesini, ýatýan ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly. Otaglaryň penjirelerini açyp, öýüň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl. Ol başga keselleriň, gaýraüzülmeleriň bolmagyna getirýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi hem aýdyň subut etmek bilen, biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň düýp özeninde halkymyzyň saglygyny berkitmek, adam ömrüni uzaltmak ýaly w

Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmegi unutmaň! Sagdyn durmuş ýörelgesine pugta eýermeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Türkmenistanda täze lukmançylyk merkezleri açylar

9–12-nji oktýabrda Türkmenistanda birnäçe lukmançylyk merkezleri, kärhana hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary açylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewanyň beren hasabatyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary guralar. 

Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

Parasatly pederlerimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly aýtgylary döredip, beden saglygynyň tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny nygtapdyrlar. Şundan ugur alnyp, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap

Kardiologiýa ulgamyndaky üstünlikler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurtda ýürek-damar keselleriniň garşysyna göreşmegiň strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ilatyň saglygyny dikeltmäge oňaýly täsirini ýetirdi. Ýurdumyz boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi.

Saglyk — uly baýlyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binýadyny berkden goýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda öňegidişlikler gazanylýar. Jemgyýetiň we döwletiň iň uly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda belleniljek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy dabaraly açylyp, halkyň hyzmatyna berler. Lukmanlar we bejergi alýan adamlar üçin ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şeýle binalaryň yzygiderli gurulmagy saglyk ulgamynyň işgärlerini mundan beýläk he

Çopantelpegiň peýdasy

Çopantelpek haşal dermanlyk ösümligi bolup, Türkmenistanda onuň 6 görnüşine duş gelmek bolýar. Ol çylşyrymly güller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 25 santimetre ýetýän birýyllyk otjumak wekilidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çopantelpegiň ulanyş aýratynlygy bellenilýär. Çopantelpegiň güli dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ösümlik gülleýän wagtynda, maý aýynda ýygnamaly. Çig maly teläriň aşagynda, açyk howada umumy kabul edilen usulyýet boýunça taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalarda, gury, ýel çekerli, Gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Çig malyň ýaramlylyk möhleti 1-2 ýyl.

Çagalarda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak

Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda, güýz-gyş aýlary has-da köpelýär hem-de köpçülikleýin ýaýraýar. Bu has hem çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär. Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellerine öwrülmegine, bronhial demgysma, tonzillitler, adenoitler, bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.