Möwsümleýin kesellerden goranyň!

8 Oktýabr 2024
337

Paslyň çalyşmagy, howanyň sowamagy dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dünýäde iň köp ýaýran şeýle keselleriň biri-de ýiti respirator keselidir. Ýiti respirator keseli bilen ýarawsyzlyk tapynan näsagy, ilkinji nobatda, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, nahar iýýän okara-çemçesini, ýatýan ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly.

Otaglaryň penjirelerini açyp, öýüň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl. Ol başga keselleriň, gaýraüzülmeleriň bolmagyna getirýär.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.