Sag­lyk bo­lar bu dur­mu­şyň göz­ba­şy

6 Oktýabr 2024
312

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024

Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, Arkadag şä­he­rin­de hem-de se­bit­le­ri­miz­de sag­ly­gy go­ra­ýyş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi, Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi we onuň dü­zü­min­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, «Tiz kö­mek» mer­ke­zi, sag­lyk öýi we sag­ly­gy go­raý­şyň aw­tou­lag­lar kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di.

Hem­ra­gu­ly HA­ŞY­ROW,
Ar­ka­dag şä­her sag­lyk öýü­niň baş luk­ma­ny.