«...Hasta bolmazdan burun»

8 Oktýabr 2024
359

Sagdyn bolmak, köplenç ýagdaýda, biziň özümize bagly. Eger-de keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Şeýle bolansoň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pendini özüne durmuş ýörelgesi edinen adam sag hem ruhubelent ýaşar.

Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlap ugraýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirus keselinden goranmak üçin pasla görä geýnip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Kadaly iýmitlenip, gerekli mukdarda witaminleri, minerallary, beloklary, uglewodlary, ýaglary kabul etmeli. Munuň üçin günüň dowamynda gök we bakja önümlerini, ir-iýmişleri, galla önümlerinden we kösüklilerden gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen naharlary, et we süýt önümlerini iýmeli.

Aýsona ALLABERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.