Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binýadyny berkden goýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda öňegidişlikler gazanylýar. Jemgyýetiň we döwletiň iň uly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda belleniljek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy dabaraly açylyp, halkyň hyzmatyna berler. Lukmanlar we bejergi alýan adamlar üçin ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şeýle binalaryň yzygiderli gurulmagy saglyk ulgamynyň işgärlerini mundan beýläk hem has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.