«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024
Ata-babalarymyz «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýip, ynsan saglygyny ähli zatdan ýokarda goýup, ençeme pähim-parasatly setirleri döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, bu günki gün berkarar Watanymyzda saglygy goramak, bedenterbiýe we sporty ösdürmek Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlarynyň birine öwrüldi. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Şeýle bolansoň, Diýarymyzda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralarynyň ençemesi guruldy. Bu saglygy goraýyş edaralarynda bagtyýar raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmekleri, şypaly dynç almaklary üçin halkara derejelerine laýyk gelýän ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitaby saglygy goraýyşda dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde uly gollanmadyr. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň ençeme eserlerinde türkmen tebigatynda ösýän ösümlikleriň, tebigy baýlyklaryň ynsan saglygyna ýetirýän aýratyn peýdalary barada bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda ýurdumyzyň halkara ölçegindäki şypahanalar ülkesi hökmünde ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri açylyp görkezilýär. Bu kitapda mineral suwlaryň, palçyklaryň, howanyň, şypahana bejergisiniň dürli usullarynyň adam bedenine ýetirýän täsiri barada gürrüň berilýär.