Ömür — öz gymmatlygymyz

3 Oktýabr 2024
424

Rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy usulydyr. Saglygy berkitmek üçin hökman 7-8 sagat ýatmaly. Rahat uky immun ulgamyny hem kadalaşdyrýar.

Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza ýaramaz täsir edýär. Günüň dowamynda 1,5-2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümleri azaldyň. Ter gök önümleri we guradylan miweleri köpräk iýmeli. Nahardan soň gezelenç etmeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňize et we balyk, gök önümleri, miweleri, galla, süýt we süýt önümlerini goşmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Eger-de oturyp işleýän bolsaňyz, arakesmede, hökman pyýada gezelenç etmeli.

Maksat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy.