Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Şol Maksatnama esasynda Saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işi täzeden gurnaldy, hassahana hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirildi we şypahanalar ulgamy döredildi. Bular bilen bir hatarda Sanitariýa-epidemiologiýa gullugyny kadalaşdyrmak, derman senagatyny giňeltmek we halkara derejesine çykarmak, saglygy goraýşy öz kärine ussat hünärmenlerdir maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, lukmançylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler tapgyrlaýyn, yzygiderli, ylmy taýdan esaslandyrylyp amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) ýaly birnäçe guramalar bilen gatnaşyklary ösdürýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe täze döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlara ýaň saljak tutumly işler amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň täze binalary yzygiderli gurulýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly birnäçe desgalaryň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga taýýar edildi. Aşgabatda birbada üç sany saglygy goraýyş desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Halkara stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar.