Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda, güýz-gyş aýlary has-da köpelýär hem-de köpçülikleýin ýaýraýar. Bu has hem çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň arasynda ýygy duş gelýär.
Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellerine öwrülmegine, bronhial demgysma, tonzillitler, adenoitler, bronhitler, öýken sowuklamasy ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.