Çopantelpegiň peýdasy

7 Oktýabr 2024
458

Çopantelpek haşal dermanlyk ösümligi bolup, Türkmenistanda onuň 6 görnüşine duş gelmek bolýar. Ol çylşyrymly güller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 25 santimetre ýetýän birýyllyk otjumak wekilidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çopantelpegiň ulanyş aýratynlygy bellenilýär.

Çopantelpegiň güli dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ösümlik gülleýän wagtynda, maý aýynda ýygnamaly. Çig maly teläriň aşagynda, açyk howada umumy kabul edilen usulyýet boýunça taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalarda, gury, ýel çekerli, Gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Çig malyň ýaramlylyk möhleti 1-2 ýyl.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.