"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Gül röwüşli keçeler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan keçe senetçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki älemgoşar öwüşginli ýüňler bilen güllenilýän keçeler halkymyzyň gözüniň guwanjy, milli baýlygydyr. Keçe basmak köp zähmeti talap edýän inçe senet bolup, onuň özboluşly bezeliş usullary bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýlip, jaýdar bellenilýär. Keçe basmak senedi Türkmenistanyň Demirgazyk etraplarynda giňden meşhurdyr. Sada iş usullaryny özünde jemleýän keçäniň durmuşymyzdaky ähmiýeti örän uludyr. Ol sähra şertlerinde ýaşaýan maldarlaryň ak öýüniň örtügi, düşegi hem at ýapynjasy hökmünde ulanylýar. Keçe goýnuň ýaz hem güýz ýüňlerinden taýýarlanýar. Oňa niýetlenilen ýüňi boýamak üçin meýdan ösümlikleriniň köklerinden, çöpboýadan, naryň we gök hozuň gabygyndan, üzärlikden dürli öwüşginli reňkleri alypdyrlar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Şahyryň sözi

Robert Frost, amerikan şahyry. Goşgy nämeden başlanýar?

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Soradym seni

Dünýä şeýle guralan (hekaýa)

Garry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi: — At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim?

Sapak (Gülküli kyssa)

Dükandan täzeje welosiped satyn aldym-da, her gün işden soň türgenleşip başladym. Birbada öwrenişmedigimdenmi, aýaklarym syzlap azar berdi. Soňabaka agyrylar aýrylyp, kem-kemden bedenime ýeňillik aralaşdy. Özümi sagdyn duýdum. Öň günde bäş-alty kilometr aralygy geçýän bolsam, indi bu aralygy on-on bäş kilometre çenli uzaltdym. Şeýdip, her gün hem gezelenç etdim, hem bedenimi tapladym. Bir günem göwnüm has uzaklary küýsäp, obamyzyň gaýrasyndan geçýän uly gara ýola çykdym. Gözüňe söweýin, aýna ýaly ýaldyrap duran tekiz ýol. Näçe sürseňem, uzaga gitseňem, ýadawlyk duýjak gümanyň ýok. Gaýtam, barha keýpiň göterilýär. Şeýle bolansoň, menem tigrimi aldygyna haýdatdym. Edil suw pese giden ýaly eňip barýan. Göwnüm joşup, sesimiň ýetdiginden aýdyma-da hiňlenýärin. Gezekli-gezegine ellerimi aşak-ýokaryk hereketlendirip galgadýaryn. Ýoldaky sürüjilerem deňimden ýylgyryşyp geçýärler. Olaryň arasynda kellesini ýaýkaýanlaram, ellerini galgadýanlaram bar. Bir sürüj-ä ulagynyň aýnasyndan kellesini çykaryp:

Begçer guýy (rowaýat)

Gum etegindäki küren obalaryň birinde düýe çopanyň maşgalasynda Begçer atly oglan dünýä inýär. Ol ulalyp, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar ýigit bolup ýetişýär. Obadaşlary haýsy işiň hötdesinden gelip bilmeseler, ony Begçere ynanar ekenler. Begçer näçe agyr iş hem bolsa bitiripdir. Şonuň üçin düýe suwa batsa-da, çölde mal ýitse-de, Begçeriň boýnuna ekeni. Ol hiç kimden elinden gelen kömegini aýamandyr. Özem elinden dür dökülýän ussamyşyn. Begçer obasyndan Hesel atly bir görmegeý, akylly-başly gyza öýlenýär. Aýlar-ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär, emma bu agzybir maşgalanyň perzende ýüzi düşmeýär. Munuň üçin Begçer aýalyna birjik-de igenmändir, gaýtam oňa bolan hormaty ýylsaýyn artypdyr. Günlerde bir gün sabyr käsesi dolan aýaly adamsyna garap:

Baldan bolsun sözleriň alym, şahyr, ýazyjy Giçgeldi Aşyrowy ýatlap

Ol iş eşiginde — ak köýnekde, boýunbagly halda ýazuw stoluna geçip, kämil eserlerini döredipdir. Elbetde, bu ýagdaý şahyrana zehiniň çeper döredijilige iň aňrybaş derejede jogapkärçilikli çemeleşendigine, özüne juda talapkär bolandygyna güwä geçýär. Döredijilik adamynyň, ylaýta-da, ýazyjy-şahyryň ene süýdüni emen ýeri, gözüni açyp gören täsin durmuşy onuň zandyna, döredijiliginiň hamyrmaýasyna siňip gidýän bolmaly. Bu hakykaty Giçgeldi Aşyrowyň kitaplaryny ele alanyňda, magat bilip bolýar.

«Bäş daş»

«Bäş daş» oýny, salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz we arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny, esasan, gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany togalajyk daş — çagyl saýlanyp alynýar. Ol daşlaryň galyňlygy çen bilen 11 millimetr, göwrümi 22 millimetre barabar bolýar. Ondan kiçi daşlary tutmak, ýerden syrlap almak aňsat däl. Uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almaga amatsyz hasaplanylýar. Oýun oýnalanda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň arka tarapyna düşürilýär we ýene ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy şu sözleri aýdýar: «Elarka kaky». «Bu elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şeýle sözler bilen başlanýandygy üçin «Bäş daş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary kimin goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu etaby haýsy oýunçy köp daşy tutup bilene çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda haýsy oýunçy köp daşy gapyp bilse, şol hem oýna ilki başlamaly edilýär we ondan soňra oýnuň indiki tapgyrlary dowam etdirilýär.

Milli sazymyz — kalp owazymyz

Ýakynda Ýazmyrat Rejepowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Okuw gollanmasynda türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz nusgalary nota ýazgysyna geçirilipdir. Geçen asyrda rus saz öwrenijileri W.Uspenskiý we W.Belýaýew tarapyndan birnäçe türkmen sazlary nota geçirilip, «Türkmen sazy» atly kitap çap edilýär. Onda nota geçirilen «Haraýym Döndi», «Gandu-şekerli», «Nowgül», «Ýar gara gözli», «Balsaýat» ýaly eserler şondan soňky döwürde ýazylan sazlaryň arasynda duş gelmeýär. Türkmeniň şol halk sazlarynyň bu okuw gollanmasyndaky nusgalarynyň rus sazşynaslarynyň işinden soň ilkinji gezek nota geçirilişidir.

Ot başynda

Görünip dur obamyzdan agşamlar,Çopan ody belent dagdan ýaldyrap.Çagyrýan mysaly intizaryny,Ýa-da duran ýaly dosta gol bulap, Gör, haýsy çopanka oduň başynda,Süýji-süýji arzuw edip oturan.Lakyrdadyp kerkaw oda tüňçesin,Hyýala berilip daňyn atyran.

Dürli ýyllaryň depderlerinden

Dosta wepalylyk — adamyň iň belent häsiýetleriniň biri. Dost dostunyň hatyrasyna özüni agyr jepalara sezewar edip biler. Ýöne käbir halatlarda medalyň düzüw tarapyna gyzygyp, arka tarapyny ýatdan çykarýarys. Dostuň kim? Sen nämäniň hatyrasyna agyr synaglara özüňi sezewar etmeli? Dostuň hak işiniň hatyrasynamy? Ýa-da nähak işiniň hatyrasynamy?

Ibn Sina barada

Bir gezek Ibn Sinany hökümdaryň ýanyna çagyrypdyrlar. Hökümdaryň ogly uzak wagtlap kesel ýatan eken. Köşk lukmanlary hassa hiç bir däri-dermany tapyp bilmändir. Bu çakylygy kabul eden Ibn Sinanyň hassanyň keselini bejerişi üýtgeşik bolupdyr. Alym hökümdaryň ogluny seýilgählere aýlaýar, baglaryň kölegesinde oturyp gürrüňleşýär. Oňa diňe umumy berkidiji däri-dermanlar içirýär. Oglan bilen köp gezelenç edýär, ertir ir bilen köşge gelip, hökümdaryň ogluna bedenterbiýe maşklaryny etdirýär. Ibn Sina hyzmatkärlere howzuň düýbündäki hapa-hupalary aýyrdýar. Bagyň ortasynda ýerleşen howdan uzak ýyllaryň dowamynda suwdan doldurylman eken. Şeýdip Abu Aly oglanjyga suwda ýüzmegi öwredýär. Birnäçe aý geçenden soň, oglanjyk bütinleý sagalypdyr.

Mämişi melhem

Mundan 4 müň ýyl ozal ýaşap geçen ata-babalarymyz üçin käşiriň benewşe reňkli, ajy tagamly ösümlik bolandygyndan köpleriň habary-da ýokdur. Ol döwürler bu önümi diňe ýakymly ysly tohumy üçin ösdürip ýetişdiripdirler. Bize belli bolan mämişi reňkli käşir bolsa XVII asyrda Gollandiýada peýda bolup, diňe ýaňy-ýakynda ylym onuň adamyň saglygyna oňyn täsirini resmi taýdan tassyklady. Käşiriň ýiti mämişi reňki onuň düzüminde beta-karotiniň uly möçberiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bary-ýogy iki käşir iýmek bilen bedeniň şu witamine bolan bir günlük talabynyň ýerini dolup bolýandygyny lukmanlar tassyklaýarlar.

Mozaika — birleşen gözellik

Mozaika diýlip birmeňzeş ýa-da dürli reňkli, aňyrsy görünmeýän aýnadan, smaltadan (çüýşe) ýa-da daşdan emele getirilip, monumental (uly göwrümli) sungatyň bir görnüşi bolan şekillere ýa-da nagyşlara aýdylýar. Mozaika sungaty binagärlikde gadymyýetden bäri ulanylyp gelnipdir. Asyrlaryň dowamynda dürli halklar onuň ösmegine, özgermegine, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna öz goşandyny goşupdyrlar. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp sungatyň birnäçe görnüşleri emele gelipdir. Ine, olaryň käbirleri: Aleksandr mozaikasy. Bu miladydan öňki ikinji asyrda döredilip, Aleksandr Makedonskiý bilen baglanyşykly ellinler döwrüniň mozaikasynyň şertli atlandyrylyşydyr. Bu sungat eseri häzirki wagtda Neapol şäherinde saklanylyp, ak, sary, gyzyl we goňur reňklerde ýerine ýetirilipdir.

Durmuş pelsepeleri

Bizde çagalyk döwri arzuwlar, ýigitlik döwri duýgular, orta ýaşdan geçenimizde bolsa, esasan, pikirler agdyklyk edýär. Ynsan söýmek arkaly söýülmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine geçiriler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) saýlawlar baradaky täzelikler, makalalar ilatymyza ýetirilip durulýar.

Ösüşli menziller

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy özgerişlere beslenýär Garaşsyz Diýarymyz bagtyýarlyk döwrümizde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygar bilen beýik gülleýişlere ulaşdy. Ýurdumyzyň ägirt uly ösüşleri, ýeten kämil derejesi daglary ýada salýar. Daglar bolsa gatbar-gatlanyp, ýene-de daglara — beýikliklere çagyrýar.

Şygryýet

Arkadag Asuda asmanly Garaşsyz ýurdum,Döwrümize şan berdiňiz, Arkadag!Zemine behişdiň nuruny çaýyp,Döwrümize şan berdiňiz, Arkadag!

Aşgabat: köne heňňam — täze eýýam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwleti täze belentlikleri nazarlaýar. Ösüşleriň we zamanabap özgertmeleriň ählisiniň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen belent maksatly şygar bolup, ol tutuş ýurdumyzyň we ähli halkymyzyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä derejesindäki ýokary ynsanperwer başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandyr. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny», şeýle-de beýleki maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda takyk işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde diňe bir gözel Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň işewürlik, medeniýet, ulag, söwda we ylym-bilim, innowasion merkezleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan üzärlik barada

Görnüşi ýaly, üzärlik haýra garşy durýan ähli güýçleri ýeňmegiň serişdesi hökmünde has irki döwürlerem belli bolupdyr. Üzärlik tütedip, ak tüsse edip, ýaramaz güýçleri yzyna serpikdirip bolýar diýip yrym edilipdir. Täze göçülip barlan öýlere hem duz bilen bile üzärlik alnyp gidilýär. Täze işiň başy tutulanda hem üzärlik tütedilýär. Üzärlik gaýnadylan suw howply bakteriýalaryň täsirini aýyrýar.