Aşgabat: köne heňňam — täze eýýam

12 Fewral 2021
1291

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwleti täze belentlikleri nazarlaýar. Ösüşleriň we zamanabap özgertmeleriň ählisiniň özeninde «Döwlet adam üçindir!» diýen belent maksatly şygar bolup, ol tutuş ýurdumyzyň we ähli halkymyzyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä derejesindäki ýokary ynsanperwer başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandyr.

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny», şeýle-de beýleki maksatnamalary amala aşyrmak ugrunda takyk işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde diňe bir gözel Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň işewürlik, medeniýet, ulag, söwda we ylym-bilim, innowasion merkezleriniň birine öwrüldi.

Laçyn ÖWEZGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat seljeriş departamentiniň 3-nji sekretary.