Begçer guýy (rowaýat)

18 Fewral 2021
799

Gum etegindäki küren obalaryň birinde düýe çopanyň maşgalasynda Begçer atly oglan dünýä inýär. Ol ulalyp, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar ýigit bolup ýetişýär. Obadaşlary haýsy işiň hötdesinden gelip bilmeseler, ony Begçere ynanar ekenler. Begçer näçe agyr iş hem bolsa bitiripdir. Şonuň üçin düýe suwa batsa-da, çölde mal ýitse-de, Begçeriň boýnuna ekeni. Ol hiç kimden elinden gelen kömegini aýamandyr. Özem elinden dür dökülýän ussamyşyn.

Begçer obasyndan Hesel atly bir görmegeý, akylly-başly gyza öýlenýär. Aýlar-ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär, emma bu agzybir maşgalanyň perzende ýüzi düşmeýär. Munuň üçin Begçer aýalyna birjik-de igenmändir, gaýtam oňa bolan hormaty ýylsaýyn artypdyr. Günlerde bir gün sabyr käsesi dolan aýaly adamsyna garap:

Annamuhammet TAGANOW.