"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. 2021-nji ýylyň ahyryna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda «Türkmen keçe sungatyny» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Pälwan gyzyň üstünligi

Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna gatnaşyp, oňat netijeleri gazanyp gelmegi ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugruň kämillik ýoluna gadam goýandyklaryndan habar berýär. Muňa pälwan gyz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagynyň gowşurylyş dabarasyna syn eden pursatyň has-da doly göz ýetirýärsiň. 10-njy martda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Ý.Jumabaýewa dünýä çempionatynda eýe bolan altyn medaly gowşuryldy. Ýurt Baştutanymyz türkmen türgenine sport äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Irani, şeýle-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda türgeniň baýragynyň doly kanunalaýyklygy we iki altyn medalyň eýesi bolup, dünýä rekordyny goýandygyny bellediler. Şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda Ýulduz Jumabaýewa, onuň tälimçisi M.Sähetmyradow «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy we hormatly Prezidentimiziň adyndan Ý.Jumabaýewa ýeňil awtoulag, M.Sähetmyradowa bolsa ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Agyr atletika federasi

Sanly ulgamyň sapasy

Sanly ulgam. Bu sözler häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap keşbiniň aňladylmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi we häzirki wagtda bu konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ýurt möçberinde alnyp barylýan möhüm işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşygy, ony wagyz etmegiň zerurlygy has-da aýdyň ýüze çykýar. Çünki sanly ulgamyň artykmaçlyklaryny halk köpçüligine düşündirmek bilen birlikde, ony eziz Watanymyzyň raýatlarynyň özleriniň gündelik ýaşaýyş-durmuşyna ornaşdyrmagynyň wajyplygyny äşgär etmek möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň, täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.

Innowasion ösüşleriň binýady

Döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edip bilýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport ugurly harytlaryň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýurdumyzyň ykdysadyýetine, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa, nebitgaz, lukmançylyk, bilim ulgamlaryna we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryna ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylmalydyr» diýip belleýär.

Gymmatlyklarymyz dünýä muzeýlerinde

2014-nji ýylyň 12 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Arheologiýa tapyndylaryny öwrenmekde hem-de muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň muzeýleri bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň belli muzeýleriniň arasynda bu ugra degişli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik döretdi. Biz gazetimiziň şu sanynda şol halkara ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Pýotr I adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýiniň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Stanislaw Belskiniň hem-de Ukrainanyň Kiýew şäheriniň taryhy muzeýiniň baş ýolbaşçysynyň ylmy işler boýunça orunbasary Aleksandr Paşkowskiniň halkymyzyň geçmiş-taryhyna degişli gadymy gymmatlyklar barada gürrüň berýän makalalaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Ene — durmuşyň bezegi

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň döredilmegi, sekiz we şondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilmegi bagtyýarlyk döwrümizde enelerimize nähili belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Ine, bu ýyl hem 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça sekiz hem şondan köp çagaly eneleriň ençemesine ýurt Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň käbirleriniň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Kalbymyzyň soltany

Dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ynsan ömri, durmuşyň manysy ene bilen baglydyr. Çünki ene ömrüni öz perzendine durmuşyň ähli ugurlary babatda terbiýe, öwüt bermäge, ilkinji bilimi, ylmy öwretmäge, kesp-käre, söýgüli hünärine ugrukdyrmaga bagyşlaýar. Ýagşylyklaryň ýarany bolup ýaşaýan enäniň bu «bagyşlamasy» perzent üçin onuň durmuşynda ykbal kesgitleýji, iň gymmatly peşgeşdir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ýagşy işler edip, ynsan hormatyna mynasyp bolan adamyň geljekki nesli hem ýagşy işleri gaýtalaýar. Başda süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berýär. Çeşmäniň suwunyň gözbaşynda süýji bolşy ýaly, aýagynda hem süýjüdir.

Ýaz ýakymly aýdymlar

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: «Çalsana, bagşy!»Ilkinji şekilli aýdymy: «Aý oglan»Iň täze şekilli aýdymy: «Beýle begendirme meni»Gowy görýän pasly: bahar * * *

Gadymy gala we kerwensaraý

Bäherden etrabynyň golaýynda Garagum sährasynyň alaňlarynyň arasynda ýerleşen ilki «Täk ýazyr» ady bilen tanalan, IX — XIV asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan galalaryň we kerwensaraýlaryň biri «Şähryslamdyr». Ol ýerde gazuw-barlag işleri 1930-njy, 1948-nji, 1960-njy ýyllarda dürli alymlar tarapyndan geçirilipdir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan 2017-nji ýylda gazuw-barlag işleri ýaýbaňlandyryldy.

Geçmişe syýahat

Topragymyzyň üstündäki taryhy ýadygärlikler — ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly barada gürrüň berýän gyzykly kitaby ýadyňa salýar. Sebäbi olaryň her biriniň özboluşly taryhy, geçmişi, rowaýaty bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi has giňedi. Şonuň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç ýadygärlikleri we Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, şeýle-de Abywerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda, Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň hanasynda ýerleşýän binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary Türkmenistanyň medeni mirasynyň sanawyna girýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Abywerd, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärliklerinde, Dehistan ybadathana metjidinde hem-de Isgendergala ýadygärliginde, Köneürgenç kerwensaraýynda, Amul galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Daş

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Diýara buýsanç

Alabaý

Goç ýigidiň dosty, göwün syrdaşy,Halallyga hemdem bolan alabaý.Batyrlykda hem-de gaýduwsyzlykda,Ynsanpisint adyn alan alabaý. Köpler seni mährem dost diýip bilýär,Aslyňa guwanyp, hem söýüp bilýär.Eýesi seretse, sözsüz düşünýär,Gadymýetden aşyp gelen alabaý.

Eser nähili döreýär?

Atajan Taganyň döredijiligi hakynda oýlanyp... * * *

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 12-nji fewraldaky sanynda) — Ylym gowy. Ylmy dargytsaň köpeler, maly dargytsaň, ýiter, ýok bolar.— Ylym gowy. Ylym seni şähere, mal seni çöle äkider.— Ylym gowy. Ylmyň köpeldigiçe dünýäň giňär, malyň köpeldigiçe dünýä sygmajak bolup başlarsyň.— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, ol seniň daşyň goragçysy bolar, malyň köpelse, sen onuň sakçysy bolmaly bolarsyň.— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, dostuň-ýaryň köpeler, malyň köpelse — duşmanyň.— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden gidende: “Hazyna gitdi, köp zadyny özi bilen alyp gitdi” diýerler, bu — hakykatdyr. Maly köp ähli baýlygyny goýup gider.— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden ötse, şägirtleri onuň baýlygyny jemlejek bolarlar, köpeltjek bolarlar, maly köp dünýäden öter welin, onuň malynyň üstünde dawa başlar.

Hyýalda ýazylan hat

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewi ýagşylykda ýatlap Şu ýerde siziň 1958-nji ýylda döredilen we meşhur ýazyjy Beki Seýtäkowyň baş redaktorlygynda çap edilip başlanan «Edebiýat we sungat» gazetiniň ilkinji edebi işgäri bolandygyňyzy bellemek isleýärin. Siz bu redaksiýada 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda öz zähmet ýoluňyza başlapdyňyz, gazetiň ilkinji sany bolsa şol ýylyň 5-nji iýulynda çap edilipdi.

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

Rus çeşmelerinde Aşgabadyň ady 43 sany galanyň sanawynyň içinde «Işkabad» ady bilen 1850-nji ýylda peýda bolýar. XVIII asyryň ahyrynda Nusaý şäheri ýaşamagyny bes edip, onuň ýerinde Bagyr obasy peýda boldy. Aňyrsy parfiýalylara baryp direýän bu welaýatda Aşgabat şäheri öňe saýlanýar. XIX asyrdan başlap ýazuw çeşmelerde şäheriň bu ady ýygy-ýygydan agzalyp ugralýar. Hywa taryhçylary Munis we Ägehi türkmen hany Myrat Serdaryň 1818-nji ýylda keseki ýurt hanynyň goşunlary bilen uruşmak üçin, Aşgabadyň we Änewiň ýaşaýjylarynyň hasabyna öz goşun bölümleriniň üstüni ýetirendigini habar berýär. Şol döwürde Aşgabat berkitmeler bilen gurşalypdyr we ahal tekeleriniň merkezi bolupdyr. Şol ýylyň özünde Hubbyguly hojanyň ýolbaşçylygyndaky güýçli keseki ýurt goşuny köp adamlary gyryp, Aşgabadyň we Aşgabat bilen Mänäniň aralygyndaky ýerleriň boşap galmagyna sebäp bolýar. 1853-nji ýylda keseki ýurt şazada Feridun Mürzäniň ýolbaşçylygyndaky keseki ýurt goşunlary türkmen topragyna aralaşýar. Keseki goşunlaryň Emir han tarapyndan baştutanlyk edilýän öňdäki bölümleri Aşgabadyň eteginde berk gaýtawula sezewar bolýar. Söweş uzak dowam edýär. Ýöne şol wagt goşunlary bilen şazadanyň özi hem ýetip gelýär. Türkmenler yza çekilmäge mejbur bolýarlar. Feridun Mürze birnäçe wagtlap Aşgabatda bolandan soň, şäheriň çäginde we onuň töwereginde ýerleşen 36 sany berkitmäni ýumurmaga buýruk berýär. Ýöne şond

Dürli ýyllaryň depderlerinden

Şahyrlar Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow dagy bolup, öýde goşgy okaşyp otyrdyk. Gapymyzdan bir ýaş şahyr girdi. Esli salym diňläp oturdy-da, ol hem goşgy okamaga isleg bildirdi. Goşgularynyň hiç hili täsir döretmändigini aňdymy, nätdimi, gedemlik bilen ýüzümize seretdi: — Siziň üçiňizem goşgy okamagyň ussady. Şonuň üçinem goşgularyňyz has oňat ýaly görünýär. Men... öz goşgularymy okamagy başaramok.

Ýedi hazyna

Halkymyzda ýedi hazyna hakynda köp gürrüň edilýär. Bu barada hemmeler eşiden hem bolsa, ol her ýerde her hili sanalýar. Belli mirasgär Ümür Esen ýedi hazynany iki dürli sanap, birinji sanawy goşgy setirlerini ýadyňa salýar: Ekseň ekin,Baksaň goýun,Okasa oglan,Dokasa hatyn,Mäkiýan (towuk),Mädiýän (ýylky),Gäwüýan (gäwüşleýän mal, düýe).

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdynlykdyr şat durmuşyň gözbaşy,Saglyk üçin, geliň, örtük dakalyň!Ähli süýji arzuwlara sözbaşy —Saglyk üçin, geliň, örtük dakalyň!

Ýüregiň emri (Tibet tymsaly)

Öňde-de bir garry kempir syrkawlap, uzak wagtlap düşekde ýatypdyr. Onuň halyny soramaga dogan-garyndaşlary yzly-yzyna gelipdirler, uzak ýerlerde ýaşaýan ogly welin gara bermändir. — Ol nädip gelsin, töwerek-daşy gar basyp ýatyr ahyryn — diýip, kempir ogluny aklapdyr. — Ine, gyş geçip, daglaryň gary erär welin, oguljygym hökman geler. Onuň meniň halymyň teňdiginden habaram ýokdur, görseňiz.