"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Erik gülledi

Budur gül baharyň şöhraty-şany,Güllere besleýär söýüp ýaşany,Bolçulygyň, berekediň nyşany,Keremli gollaryn gerip gülledi, Köňül töre geçip, erik gülledi.Ene ýeriň mährem ýylylygyndan,Päkize arzuwlaň ýygylygyndan,Parahatçylygyň ýylydygyndan,

Pikir (Hindi tymsaly)

Öňde-de biri il içinde dertlilere em salgy berýänligi bilen meşhur bolan akyldaryň ýanyna barypdyr. — Näme mesele bilen geldiň? — diýip, akyldar myhmana ýüzlenipdir.

Afroditanyň oty

Narpyzyň peýdasy barada adamlar gaty irki döwürlerde bilip, ony giňden peýdalanypdyrlar. Hatda gadymy grek rowaýatlarynda narpyzy Afrodita hudaýynyň oty hasaplapdyrlar. Gadymy Rimde narpyz iň bir giňden ulanylýan ot bolup, zenanlar narpyzyň ýapraklaryny ary baly bilen garyp çeýnäpdirler. Gadymy Müsür faraonlarynyň guburlaryndan narpyzyň galyndylarynyň tapylmagy bolsa oňa şol döwürlerde-de uly ähmiýet berlendigini görkezýär. Şonuň ýaly-da gadymy döwürlerde narpyzdan anbar taýýarlapdyrlar, ony dürli tagamlara garypdyrlar. Gadymy gündogarda narpyzdan sowuk içgiler — şerbet taýynlanypdyr. Orta asyrlarda köşk aşpezleri dürli naharlara reňk bermek üçin narpyzyň suwuny sykyp alypdyrlar. Günorta Amerikada narpyzy ruhuňy göteriji içgileri taýýarlamakda ulanypdyrlar. Ol ýerde bu otuň ady-da gönüden-göni: «Gowy ot» manysynda terjime edilýär. Dürli maksatlarda ulanylsa-da, narpyzyň saglyk üçin peýdasynyň uludygy hiç haçan gözden salynmandyr. Ýakymly ysly narpyzly çaý adamyň pikirini durlaýar, dartgynlylygy aýyrýar, köşeşdiriji täsire eýe. Onuň ukusyzlygyň garşysyna göreşmekde peýdasynyň uludygy barada irki döwürleriň ýazgylarynda-da getirilýär. Narpyz garylyp demlenen çaý semremekden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Sebäbi onuň özboluşly himiki düzümi iýmitiň siňmeginiň tizleşmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, ajykmak duýgusyny sazlaýar. Narpyzyň aşgazan üçin peýdasy hem diýseň uludyr. D

«Altyn kölüň» ýalkymy

halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şuglalandyrýar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys. «Geçeniň dowamaty geljekde» diýýän bagtyýar halkymyzyň her bir ýyly eşret-hözire beslenip, her bir watan raýaty geljekki ýyllara ertekiniň hakykata öwrülişi hökmünde garaýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle.

Şa serpaýynyň şatlygy

Halk bilen Watan bir ten, bir jan bolanda, il-gün bir Başa uýanda bähbitler, maksatlar birleşýär. Topragyň berekedi, hasylyň hümmeti artýar. Durmuş, ýaşaýyş süýjeýär, ömürler uzaýar, eller uzadan ýeriňe ýetýär. Agzybirlik, asudalyk, jebislik Watany özgerdýär, onuň abraýyny belende göterýär, şanyna şan goşýar, şöhratyny artdyrýar. Biz şeýle Watanda ýaşaýarys. Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan, ýeňişlerden ýeňişlere, belentliklerden belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyz bar. Ynha, ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bagtyýar zaman» obasyndaky medeniýet öýüniň töweregini gurşap alan çäreler etrabyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak şatlyk paýlady. Bu ýerde bezelen ak öýler, ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň hoş owazly aýdym-sazlary bütin töweregi şowhuna besledi.

Halklary birleşdirýän sungat

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda kirişli saz gurallaryna bagyşlanan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Sungat ugrundan tälim berýän ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn okuw sapagynda konserwatoriýamyzyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa halkymyzyň milli medeniýetiniň taryhy hem-de dutar, gyjak saz gurallarymyz barada giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynda ýokary okuw mekdebimiziň «Halk sazy» fakultetiniň talyplary «Gyrmyzy», «Ybraýym şadilli», «Nergiz», «Tabşyrdym» ýaly milli sazlarymyzy ýerine ýetirdiler.

Ýaşlaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty hem-de Binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplarynyň birnäçesi Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» we «Solneçnyý swet» okuw-ylmy merkezleri tarapyndan şekillendiriş sungatynyň taryhy we surat boýunça onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça tälim berýän ençeme ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde biziň talyplarymyz hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň görkezen bilim derejeleri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp boldy.

Saglyk üçin maslahatlar

Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

Welosiped sporty — sagdyn durmuşyň girewi

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassyklandy. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň aýrylmaz düzüm bölegine öwrülen sport we bedenterbiýe her bir raýatymyzyň saglygyny, akyl-paýhas ukyplaryny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berk berjaý etmekde, jemgyýetde sazlaşykly gatnaşyklary kemala getirmekde durmuş gymmatlyklarynyň özeni bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Welosporty ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň hut öz başlangyjy bilen beýik işler amala aşyrylýar. 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak ýaly işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy hakynda bellenilmegi bolsa sportuň bu görnüşiniň has-da giň gerim almagyna itergi berer.

Arkadagyň sungat eseri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap geçiren maslahatynyň dowamynda täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslamasynyň tassyklanmagy milli Liderimiz tarapyndan bu baýramçylyga berilýän ähmiýetiň näderejede uludygyndan habar berýär. Sungat eseriniň islendigine syn etseň, ony döreden adamyň kalbynyň, duýgusynyň, pikiriniň sazlaşygyna göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa esere has içgin düşünmäge ýardam berýär. Guşuçar belentlikden paýtagtymyzy synlasaň, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi görýärsiň. Ol gözellik —Gahryman Arkadagymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirip duran kämil sungat eseri — ady aýdymlarda belent ýaňlanýan Aşgabat.

Magtymguly Pyragynyň

Arzuw eden döwri geldi,Magtymguly Pyragynyň.Döwleti berkarar boldy,Magtymguly Pyragynyň. Jeýhun — Bahry-Hazar ara,Birleşdi bar taýpa-tire,Her sözi deňelýär düre,Magtymguly Pyragynyň.

Sözi dillerde gezen şahyr

Magtymguly galamy bilen halkyny 300 ýyla golaý wagt bäri döreden köňül suprasynyň başynda jemlemegi başaran söz ussadydyr. Platon: «Kitap — geplemeýän mugallym» diýýär. Ýöne biziň Magtymguly atamyzyň kitaplary bahasyna ýetip bolmajak dürdäne eserleri bilen üç asyr bäri poeziýada gepleýän iň uly mugallym, şygyr jülgesiniň saýrak bilbili bolup ýaşaýar.

Watan mähri

Watana söýgi, ilki bilen, onuň şöhratly geçmişine bolan sylag-hormatdan başlanýar. Watan — ynsan üçin mukaddes düşünje. Onda her birimiziň geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenýär. Watan ynsanyň, hiç bir ýagdaýa seretmezden, bütin durky bilen goraýan, gözüniň göreji ýaly görýän, ezizleýän ýeri.

Daýhan dünýäsiniň waspçysy

Türkmenistanyň halk suratkeşi Meretdurdy Annagulyýewiň döredijiligi barada söhbet Nakgaş Meretdurdy Annagulyýew segseniň onundan giren-de bolsa, juwanlyk hyjuwy bilen joşup, bagtyýarlyk döwrümizi çeper reňk öwüşginlerinde wasp edýär.

Görseň — ýeken, örseň — sebet

Türkmenistanda ýeken ösümliginiň iki görnüşi ösýär. Ýeken diýip atlandyrylýan ösümligiň uzynlygy 2-2,5 metre ýetýär. Ol derýalaryň, ýaplaryň suw basmadyk ýerlerinde ösüp, ýapragy berkligi bilen tapawutlanýar. Ýekeniň beýleki görnüşine ýekenek diýilýär, ol ýaplaryň, zeýkeşleriň suw basan ýerlerinde ösýär we berk bolmaýar. Şonuň üçinem ýekenekden hiç zat ýasalmaýar. Ony örülmedik ýagdaýda düşegiň aşagyndan çyg geçmezlik üçin ýere ýazypdyrlar we jaýyň düýbüni tutmak işinde ulanypdyrlar. Zagama. Ýekenden gerekli zady örüp, ýasajak bolsaň, oňa, ilki bilen, çiglik bermeli we 10-15 minut suwda goýmaly ýa-da üstüne suw sepelemeli. Bu ösümlikden dokalýan esbaplaryň biri hem zagamadyr. Ol dürli miwe kişdelerini, gurt ýaly azyk önümlerini serip goýmakda ulanylýan örme esbapdyr. Ýekenden zagamany, ýagny sebedi dokamak üçin, ilki 20 sany ýekeni almaly we düýp tarapy gaty bolany üçin 20 sm. ýerini kesip aýyrmaly. Alnan 20 ýekeniň birisiniň arka tarapy, beýlekisiniň öň tarapy tekiz ýerde rejeläp goýulýar. Olar dargap gitmez ýaly, üstünden tekiz tagta bölegi bilen basyp durmaly. Ýerde goýlan ýekenleriň içinden iki-ikiden alnanlary gezekli-gezegine gerlende, iki sanysynyň öň tarapyndan, iki sanysynyň bolsa arka tarapyndan dokamak usulynda ýerine ýetirilýär. Şeýle ýagdaýda ýerdäki 20 ýekeniň içinden ýene-de 20 sany ýeken geçirilýär. Ýekenleriň biriniň öň, biriniň arka tarapynyň goý

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Belentligiň bakylykdan nyşandyr

Tebip (Hekaýa)

Arslan bu gün hem hemişekisi ýaly otagma-otag aýlanyp, syrkawlaryň hal-ýagdaýy bilen tanşyp barşyna şepagat uýasyna görkezmeleri berýärdi. Nobatdaky otaga girende tanyş ýüze gözi düşüp ýylgyrdy: — Tebip kaka, salawmaleýkum, bärläpsiň-le, haýyr bol-a! Şu ýaşyňyza lukmana ýüz tutanyňyzy eşitmändim. Näsaglamaly adam-a däl siz, ýa garrylykdan basylyp, şägirtleriň ýanyna ýaşlygyň dermanyny gözläp geldiňizmi? Kakam-a başy agyryp, baldyry syzladygy: «Iküç günläp tebip kakamyň ot-çöpden taýýarlaýan melhemlerinden içip, gürrüňlerini diňlejek» diýip, siziň ýanyňyza, oba eňiberýärdi. Gaýdyp gelende-de ýüzi-gözi açylyp gelýär!

Nämeden başlamaly? («E-S-iň» arhiwinden)

Berdi KERBABAÝEWIŇ «Ýadymda galanlar» atly ýatlamalaryndan Men ýonulyp-ýonulyp bir tutuma gelen galamymy elime alyp, synlap oturdym. Ol ýönekeý, göräýmäge içinden gara geçen adaty çöpden ýa-da gamyşdan enaýy däldi. Ýöne weli onda göze görünmez bir gudrat bar ýalydy. Şonuň üçinem meniň küýüme şeýle bir zat geldi:

Taryhy hakykatyň çeper beýançysy

Suratda: (çepden) Gurt Näzliýew, Amannazar Aşyrow, Atamyrat Atabaýew, Çary Gurbangylyjow, Ýazmyrat Mämmediýew, Kakajan Durdyýew, Rahman Babaýew, Bazar Öwezow (1980-nji ýyl). Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýazmyrat Mämmediýewiň ömrüne we döredijiligine dahylly söhbet

Meşhur pälwany ýatlap

Aýdanlaryňy aňyňda aýlap, diýeniňe erk edip bilmek edermenlik. Aýdanlaryňy amala aşyrmak — geljege ynamly gezelenç. Sözüňi iş bilen berçinlemek — ajaýyplygyň ajaby. Pälwan endige öwrülen edebinden ýeňiş serpaýyny ýapyndy. Toýlarda bolýan göreşlerde bil tutuşdy, bekeşdi. Obalarda etraplarda, welaýatlarda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňişleri ýaran edindi. Öz agramy boýunça ýurtdaş pälwanlardan saýlandy. Şol döwürde atlandyrylyşyna görä Orta Aziýa boýunça (häzirki Merkezi Aziýa) Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki bil tutluşygyň bismillasyny türkmen pälwany bilen özbekleriň Pürs pälwany başlamaly boldy. Göreş meýdanyna çykan pälwan ýigit bekewüliň görkezen ýerinde daýandy. Asyr aşan ojara çalymdaş ýogyn baldyrlar topragyň çuňlugyna çümdürilen ýaly sarsanokdy. Ýognas göwre göze gelüwlidi. Boýun beden bilen bile biten ýalydy. Ortadan beýigräk boýnuň iki egni tekizlenip, eginler ýasy, döş meýdanlydy. Gazan gapagy goýlan ýaly güberçekleýärdi. Dartylan damarly gollar has-da gujurly görünýärdi. Tirsekden egin aralygyndaky çiginler çogum-çogum. Gysby gysylan barmakly ýumruk demirçi ussanyň ýekedabanyny ýatladýardy. Pälwan ýigit başyny galdyryp, salyhatlylyk bilen töweregine nazaryny aýlady. Märeke hyň berýärdi, tomaşa teşnelerden hyryn-dykyndy. Asmandan alma oklasaň, ýere düşjek däldi. Öz pälwanlarynyň ýeňşiniň şatlygyna şä