halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şuglalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys. «Geçeniň dowamaty geljekde» diýýän bagtyýar halkymyzyň her bir ýyly eşret-hözire beslenip, her bir watan raýaty geljekki ýyllara ertekiniň hakykata öwrülişi hökmünde garaýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle.