Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan üzärlik barada

12 Fewral 2021
1121

Görnüşi ýaly, üzärlik haýra garşy durýan ähli güýçleri ýeňmegiň serişdesi hökmünde has irki döwürlerem belli bolupdyr. Üzärlik tütedip, ak tüsse edip, ýaramaz güýçleri yzyna serpikdirip bolýar diýip yrym edilipdir.

Täze göçülip barlan öýlere hem duz bilen bile üzärlik alnyp gidilýär. Täze işiň başy tutulanda hem üzärlik tütedilýär. Üzärlik gaýnadylan suw howply bakteriýalaryň täsirini aýyrýar.