"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Halkyň buýsanjy Arkadag!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň uly ähmiýetli wakalarynyň biri — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilip, ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Berkarar Watanymyzyň demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen öňe barýandygyny, hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny alamatlandyran bu syýasy çäre döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy tutuş jemgyýetimiz üçin buýsanja öwrülen waka bolup, halkymyz bilen milli Liderimiziň baky bitewüliginiň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden başlap «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, maksatly tutumlaryna badalga berdi. Gysga döwrüň içinde halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler söz bilen hereketiň mizemez sazlaşykly häsiýetde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa bagtyýarlyk döwrüniň bagtly pursatlaryny başdan geçirýän mähriban halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň töweregine has berk jebisleşip, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe gitmegine esas boldy.

Sahawatlylygyň belent nusgasy

Zandy halal türkmen halky kömege mätäç adama goldaw bermek, ejize hemaýat etmek ýaly haýyrly-sahawatly işleriň hemişe tarapdary bolupdyr. Taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan bu milli ýörelgeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Bu gazna hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagynda hem çuň many bar. Mähriban Arkadagymyz täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýmagy sahawatsöýer halkymyzda uly seslenme döretdi. Bu hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriniň bagtyýar raýatlarymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu gazna serişde geçirmek isleýän öz ildeşlerimiz, şonuň ýaly-da daşary ýurtly raýatlar üçin hem açyk bolar. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamlara ynsanperwerligi, haýyr-sahawaty ündeýän şygyr setirlerinden mysal getirmegi bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň durmuş tejribesinden, milli özboluşlylygyndan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.

Bilimli nesil – kuwwatly Watan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine hem jogapkärli çemeleşilmelidigini belleýär. Bu ugurda ýurdumyzda görnetin öňegidişlikler gazanylýar.

Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

NESILLERIŇ BAGTYÝARLYK NAGMASY Golaýda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky welaýat çagalar sungat mekdepleriniň ansambl toparlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etraplardaky we Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdeplerinden saýlanan toparlar gatnaşdylar. Milli medeniýetimizi, saz sungatymyzy ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, şeýle hem saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sazandalaryň topar bolup ýerine ýetirijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, kirişli saz gurallary, tans toparlarynyň çykyşlary ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutar, gyjak, plektrli dutar, akkordeon, fleýta we beýleki saz gurallarynda halk sazlary we mukamçy kompozitorlaryň ajaýyp saz eserleri ýaňlandy. Bagşylar topary halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary emin agzalarynda uly täsir galdyrdy.

Abadanlyk özümize bagly

Ähli ulgamlar babatda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş derejesi gün geldigiçe ýokarlanýar. Munuň özi adamlaryň maşgala durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir maşgala döwlet tarapyndan edilýän goldawy doly duýup ýaşaýar. Adamlaryň durmuş taýdan üpjünçiligi, saglygy we beýleki möhüm zerurlyklary barada şeýle aladalaryň edilmegi, maşgalalaryň has-da berkemegine, agzybirligine, rysgal-berekediniň artmagyna, baýamagyna getirýär. Elbetde, rysgalynyň artyp, eliniň uzadan ýerine ýetmegi esasynda ýurdumyzda her maşgalanyň diýen ýaly döwrebap, dürli görnüşli awtoulag edinmegine doly mümkinçilik döredýär. Ýöne durmuşda her bir zada üns bilen çemeleşilmelidigi ýaly, ulag dolandyrmak hem örän jogapkärli iş bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, wagtal-wagtal biziň agzybir, abadan, asuda maşgala durmuşymyza, biziň özümize maddy, fiziki, ahlak taýdan zyýan berip biläýjek ýol-ulag hadysalaryndan seresap bolmalydygy hakynda-da ýatlap geçmek zerurdyr. Şeýlelikde, ýol-ulag hadysalarynyň adama ýetirýän zyýanlary üç görnüşe bölünýär:

Döredijilikli zähmete goşandymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary belent sepgitler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Arkadag Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda-da halk hojalygymyzyň ähli ugurlarynda gowy netijeler gazanylýar. Bu hakykata ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan ýokary netijelerdenem göz ýetirmek bolýar. Şeýle üstünligiň zähmet adamsy hakynda edilýän yzygiderli aladanyň miwesidiginem ýatlamak ýakymlydyr. Şonuň üçinem şanly ýylymyzda-da ulaglar müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan uly tagallalar edilýär. Şol tagallalaram gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda biz işgärleriň zähmetini goramagyň meselelerine hem uly üns berip, bu baradaky talaplaryň berk berjaý edilmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Ulaglar müdirligimizde tehniki howpsuzlygyň, hereket howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegem derwaýys meseledir. Şonuň üçinem bu babatda düşündiriş işlerini talaba laýyk ýola goýýarys.

Dürli derdiň dermany

Gahryman Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserleri okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredip, olar watansöýüjiligi, ruhubelentligi, zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Alym Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramakda aýratyn ähmiýetli kitaplarynam ýatlamak ýakymlydyr. Şeýle kitaplaryň birem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseridir. Bu kitapda güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatynyň köpdürli dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin we ylmy nukdaýnazardan täsirli gürrüň berilýär. Üzärligiň köp derdiň dermanydygy dogrusyndaky hakykat hemmelere äşgärdir. Hormatly Prezidentimiziň bu ylmy-ensiklopedik eserinde üzärligiň dümewi, guragyryny, göz kesellerini we beýleki ençeme keselleri bejermekde netijeli derman serişdesi hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Aýratynam, häzirki ýokanç keselleriň öňüni almakda, zyýansyzlandyryş serişdelerinden peýdalanmakda üzärligiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem bu dermanlyk ösümligiň zyýansyzlandyryjy häsiýetli tüssesinden peýdalanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa ýokanç keselleriň öňüni almakda gowy netijeleriň gazanylmagyna getirýär.

Tapylgysyz hazyna

Bu ýazgymyz Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň Prezidenti, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher ýaly ýiti akyl hazynasyndan öz halkyna sowgat eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan kalbymyza ornap galan täsirler kökeni. Kitap on iki bölümden ybarat. Has dogrusy, parasatlylygyň genji-känli belentliginden gözbaş alyp gaýdýan köwser suwy ýaly on iki çeşmäniň birleşmeginden dörän tereň akaba. Bu akaba okyjynyň ruhy dünýäsini, pähim--paýhasa teşne kalbynyň sonar ýaýlasyny siňňitlilik bilen gandyrýar. Okap başlanyňdan soň, eliňden düşüresiň gelmeýän bu hikmetli eseri aňyrsyna göz ýetmeýän durmuş ummanyndaky hazynalar adasyna meňzedesim gelýär. Sebäbi, aňyrsy Oguz han nesilbaşymyzdan gaýdyp, ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, arkama-arka, nesilme-nesil timarlanyp, sünnälenip gelnen rowaýatlaryň we tymsallaryň, nakyllardyr atalar sözüniň bimöçber köplügi Gahryman Arkadagymyzyň ozaldanam gönezligi juda goýazy parasatly pikirlerini edil tylla ýüzüge göwher gaş goýlan ýaly edäýýär.

Abraýy arşa galýan diýarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda uly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha arşa galýar. 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň eziz Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak ýyllaryň biri boljakdygyna doly ynanýarys. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasat dünýä derejesinde barha giň goldawa eýe bolýar.

Alkyş — myrada ýetirýär

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Marynyň ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ýolagçylara edilýän hyzmat döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Kärhananyň tejribeli sürüjileri, işine ezber ussalary awtobuslaryň saz we gurat işlemekleri barada yhlas edýärler. Arzyly kärinden bagt, rysgal-bereket tapýan sürüjiler Akmuhammet Gurbangeldiýew, Suwhan Illiýew, Oraz Annaýew, Guwanç Orazmuhammedow, Gurbanmyrat Garaýew, Allaberdi Hojanepesow, Dörtguly Kössekow, Meret Orammyýew, ata kesbini eýerip gelýän sürüjiler Kerim Gurbangeldiýew, Kaka Jumaberdiýew, Abdylesen Abdyesenow we beýlekileriň atlary zähmet çekýän kärhanasynda göreldeli sürüjiler hökmünde hormat bilen tutulýar. Bu ýerde uly ynam bilen, yhlasly işleýän sürüjileriň ýolagçy gatnadýan awtobuslarynyň saz we gurat işlemegini gazanýan, olaryň alkyşlaryna eýe bolýan ussalaryň biri hem Mukam Annasähedowdyr. Ol her bir sürüjiniň ýolagçy awtobusynyň saz we gurat işlemegi ugrunda yhlas edýär. Mukam halypasy Rahman Akyýewiň göreldesine eýerip, 12 ýyldan bäri bu ýerde işläp gelýär. Häzirki wagtda ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ata kesbini ýöredýän, işine ezber ýaş sürüjileriň hatarynda Kerim Gurbangeldiýewiň adyna kärhananyň ýolbaşçylary hem öwgüli sözleri aýtdylar. Kärhanada çärýek asyrdan gowrak wagtdan bäri işläp gelýän Akmuhammet Gurbangeldiýewiň ogly Kerime halypalyk edýändigini

Jemgyýetimiziň jebisligi

Halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalanyň hemişe agzybirligiň, asudalygyň, abadanlygyň hözirini görüp ýaşaýandygy şübhesiz hakykatdyr. Şeýle bagtyýar maşgalalar bolsa, jebis, mäkäm jemgyýetimiziň özenini düzýär. Jebis jemgyýete-de ösüş-özgerişli menziller ýar bolýar. Bu hakykat jemgyýetimiziň durmuş tejribesiniň synagyndan ynamly geçen ýörelgedir. Şonuň üçinem hormatly Belent Serkerdebaşymyz neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreş yglan etdi. Jebis jemgyýetimizde maşgalalarymyzyň agzybirligini, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işlere badalga berildi. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň bu derwaýys meseledäki taýsyz tagallalary sanlyja ýyllarda özüniň gowy netijesini berdi. Sebäbi milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, neşe belasyna garşy göreşde mümkin bolan ähli zerur çäreler görlüp, bu iş ýurdumyzda ählihalk işine öwrüldi. Neşe howpunyň düýpli pese gaçan häzirki döwründe düşündiriş işi wajyp wezipe bolup öňe çykýar. Çünki, sagdyn durmuşly ertirimizi nazarlaýan düşündiriş-öňüni alyş işleri gazanylan üstünligi has-da berkitmekdir. Biz neşekeşligiň öňüni almaga gönükdirilen işlerimizi ýokarda ýatlanan çäreler bilen utgaşdyrýarys.

Asudalygyň goragynda

Berk talapdan ugur alýarys Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkymyzyň abadançylykda ýaşap, asuda durmuşda döredijilikli zähmet çekmegine ähli zerur şertler döredilýär. Raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we erkinlikleriniň talaba laýyk goralyp, bagtyýarlyk zamanamyzyň eşretli günleriniň hözirini görmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Arkadaga alkyş bolsun!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanly toýuna barýan günlerimizde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji taryhy saýlawlarynyň milli demokratik ýörelgeler esasynda üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde bu babatdaky maglumatyň şeýle-de onda döwlet Baştutanymyzyň saýlawçylaryň 100 göterim sesini alandygy baradaky habaryň aýdylmagy halkymyzyň öz milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň ýene bir ýola subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilen saýlawlara ýurdumyz boýunça jemi 48 adamyň gatnaşmagy, onda her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adamyň saýlanylmagy Türkmenistan döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň nobatdaky taryhy dabaralanmasy boldy. Bu saýlawlar berkarar Watanymyzyň düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe barýandygyny bütin dünýä äşgär etdi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada aýdylan habar we getirilen maglumatlar munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Milli Demokratiýanyň dabaralanmagy

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi 28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Halk häkimiýetliligi rowaçlanýar

Welaýatymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalary diňe bir üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere ýokary ösüş depginini eçilýär hem-de türkmeniň abraý-mertebesini tutuş dünýäde öňküden-de beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ajaýyp başlangyçlar bilen has giň ýaýrawa eýe bolmagy bu günki gün halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, döredijilik ukybynyň kämilleşmegine, belent maksatlara tarap gadamlarynyň rowaçlyga beslenmegine esas döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýokary tizlikli ösýän döwre mahsus durmuş gurşawyny kämilleşdirmek, halkyň şeýle ösüş derejä muwapyk ýaşaýşyny pugtalandyrmak baradaky taýsyz tagallalary, tükeniksiz aladalary her pursatda özüniň ýokary netijelerini görkezip gelýär. Bu geçen ýekşenbe güni tutuş ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary babatda hem şeýledigi bilen buýsanjy artdyrýar.

Ýaşlaryň döredijiliginde tebigatyň waspy

Ynsan ýüreklerinde, ylaýta-da ýaşlaryň duýgulara, telwasa baý dünýäsinde ýüze çykýan ylham, zehin joşgunyny tebigatymyzyň köp öwüşginli ajaýyplyklaryny çuňňur wasp etmäge, olaryň edebi döredijilige bolan höwesini ösdürmäge, şeýle hem ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täsirli hem gyzykly çäreler yzygider guralýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ylham berýän tebigat» atly bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir.

Giň dünýäniň geň habarlary

TEBIGATDAN YLHAMLANYP... Singapuryň paýtagtynda ýerleşýän «Eden» myhmanhanasy özboluşly binagärlik çözgüdi bilen bütin dünýäni geň galdyrýar. Binanyň beýikligi 105 metr bolup, onuň daşky diwarlary ösümlikler we gyrymsy daragtlar bilen örtülendir. Onuň içki bezegleri hem tebigatyň baý ösümlik dünýäsini özünde jemleýär. Şol sebäpli hem bu bina halkyň arasynda göçme manyda «Baga bürenen şäher» diýen ada eýe boldy. Binanyň girelgesi gara granit bilen örtülip, äpet ýagtylandyryş çyrasy ösümlik we agaç böleklerinden gurnalandyr. Şeýle hem binanyň içki bezeglerinde tebigy gurluşyk önümlerinden giňden peýdalanylypdyr. Binanyň içki diwarlary hek daşy bilen suwalyp, agaç düşemeleriniň hem tebigy özboluşlylygy saklanypdyr.

Demokratik ýörelgelere esaslanyp

Geçen ýekşenbe güni welaýat kitaphanasynda welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamak meselesine garaldy. Mejlise gatnaşyjylary kitaphananyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat işgärleri garşy aldylar. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan aýdymlar, joşgunly tanslar bu möhüm syýasy çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň şeýle dabara beslenmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki 28-nji mart güni Türkmenistanyň syýasy durmuşynda uly özgerişlikleriň başyny başlajak waka bolup geçdi. Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Döwrüň talaplaryna laýyk

Ýurdumyzyň ykdysady, medeni durmuş ulgamlaryndaky bedew batly ösüşler kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda bu barada giňişleýin durup geçmek bilen, olaryň öňünde özgertmeleriň kanuny binýadyny berkitmek boýunça anyk wezipeleri goýdy. Olaryň bir bölegi ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy, elektron senagatyny döretmek bilen bagly işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ösüşlerdäki çalt depginler kanunçylyk ulgamynyň hem döwür bilen aýakdaş gadam urmagyny talap edýär. Başgaça aýdanymyzda, berk kanuny binýat özgertmeleriň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagynyň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen, ösüşleriň täze belentliklerine tarap giň ýol açylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde ägirt uly toplumlaýyn işler dur. Sebäbi bir ulgam beýleki ulgam bilen utgaşyp gidýär. Mysal üçin, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň hem deň derejede ösdürilmegini, maglumat hyzmatlarynyň talabalaýyk ýola goýulmagyny talap edýär. Şonuň üçin hem bir ugruň kanunçylygynyň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi, beýleki ugry hem kämilleşdirme

Ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlar hakynda döwlet derejesinde bimöçber aladalar edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär». Bu babatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, onda ýaşlaryň hukuklary, azatlyklary we syýasy-medeni bähbitleri doly berkidilendir. Ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy maksatlaryny hem-de döwrebap wezipelerini durmuşa geçirmek işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy esaslaýyn we toplumlaýyn maksatnamalar esasynda amala aşyrylýar. Döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň we döredijilikli gatnaşmagy üçin şertleri döretmek, ýaş raýatlary watançylyk we milli ruhda terbiýelemek ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen durmuş mekdebiniň ýörelgeleri esasynda amala aşyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, olaryň durmuş goragynyň kepilliklerini üpjün etmek, zehinli ýaşlara döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek üçin aladalar edilýär. Ýaşlaryň zähmet we iş bilen üpjünçiligi