Giň dünýäniň geň habarlary

30 Mart 2021
709

TEBIGATDAN YLHAMLANYP...

Singapuryň paýtagtynda ýerleşýän «Eden» myhmanhanasy özboluşly binagärlik çözgüdi bilen bütin dünýäni geň galdyrýar. Binanyň beýikligi 105 metr bolup, onuň daşky diwarlary ösümlikler we gyrymsy daragtlar bilen örtülendir. Onuň içki bezegleri hem tebigatyň baý ösümlik dünýäsini özünde jemleýär. Şol sebäpli hem bu bina halkyň arasynda göçme manyda «Baga bürenen şäher» diýen ada eýe boldy. Binanyň girelgesi gara granit bilen örtülip, äpet ýagtylandyryş çyrasy ösümlik we agaç böleklerinden gurnalandyr. Şeýle hem binanyň içki bezeglerinde tebigy gurluşyk önümlerinden giňden peýdalanylypdyr. Binanyň içki diwarlary hek daşy bilen suwalyp, agaç düşemeleriniň hem tebigy özboluşlylygy saklanypdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gurban GURBANOW.