Sahawatlylygyň belent nusgasy

31 Mart 2021
829

Zandy halal türkmen halky kömege mätäç adama goldaw bermek, ejize hemaýat etmek ýaly haýyrly-sahawatly işleriň hemişe tarapdary bolupdyr. Taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan bu milli ýörelgeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Bu gazna hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagynda hem çuň many bar. Mähriban Arkadagymyz täze döredilen haýyr-sahawat gaznasyna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýmagy sahawatsöýer halkymyzda uly seslenme döretdi. Bu hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriniň bagtyýar raýatlarymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu gazna serişde geçirmek isleýän öz ildeşlerimiz, şonuň ýaly-da daşary ýurtly raýatlar üçin hem açyk bolar.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamlara ynsanperwerligi, haýyr-sahawaty ündeýän şygyr setirlerinden mysal getirmegi bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň durmuş tejribesinden, milli özboluşlylygyndan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.

Ogultäç KAKAÝEWA,
Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.