Jemgyýetimiziň jebisligi

31 Mart 2021
662

Halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalanyň hemişe agzybirligiň, asudalygyň, abadanlygyň hözirini görüp ýaşaýandygy şübhesiz hakykatdyr. Şeýle bagtyýar maşgalalar bolsa, jebis, mäkäm jemgyýetimiziň özenini düzýär. Jebis jemgyýete-de ösüş-özgerişli menziller ýar bolýar. Bu hakykat jemgyýetimiziň durmuş tejribesiniň synagyndan ynamly geçen ýörelgedir. Şonuň üçinem hormatly Belent Serkerdebaşymyz neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreş yglan etdi. Jebis jemgyýetimizde maşgalalarymyzyň agzybirligini, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işlere badalga berildi.

Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň bu derwaýys meseledäki taýsyz tagallalary sanlyja ýyllarda özüniň gowy netijesini berdi. Sebäbi milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, neşe belasyna garşy göreşde mümkin bolan ähli zerur çäreler görlüp, bu iş ýurdumyzda ählihalk işine öwrüldi. Neşe howpunyň düýpli pese gaçan häzirki döwründe düşündiriş işi wajyp wezipe bolup öňe çykýar. Çünki, sagdyn durmuşly ertirimizi nazarlaýan düşündiriş-öňüni alyş işleri gazanylan üstünligi has-da berkitmekdir. Biz neşekeşligiň öňüni almaga gönükdirilen işlerimizi ýokarda ýatlanan çäreler bilen utgaşdyrýarys.