Halkyň buýsanjy Arkadag!

31 Mart 2021
661

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň uly ähmiýetli wakalarynyň biri — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilip, ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Berkarar Watanymyzyň demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen öňe barýandygyny, hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny alamatlandyran bu syýasy çäre döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn taryhy waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy tutuş jemgyýetimiz üçin buýsanja öwrülen waka bolup, halkymyz bilen milli Liderimiziň baky bitewüliginiň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden başlap «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, maksatly tutumlaryna badalga berdi. Gysga döwrüň içinde halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler söz bilen hereketiň mizemez sazlaşykly häsiýetde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa bagtyýarlyk döwrüniň bagtly pursatlaryny başdan geçirýän mähriban halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň töweregine has berk jebisleşip, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe gitmegine esas boldy.

Wepa GUZYÇYÝEW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Görogly etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.