Halk häkimiýetliligi rowaçlanýar

30 Mart 2021
606

Welaýatymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalary diňe bir üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere ýokary ösüş depginini eçilýär hem-de türkmeniň abraý-mertebesini tutuş dünýäde öňküden-de beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ajaýyp başlangyçlar bilen has giň ýaýrawa eýe bolmagy bu günki gün halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, döredijilik ukybynyň kämilleşmegine, belent maksatlara tarap gadamlarynyň rowaçlyga beslenmegine esas döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýokary tizlikli ösýän döwre mahsus durmuş gurşawyny kämilleşdirmek, halkyň şeýle ösüş derejä muwapyk ýaşaýşyny pugtalandyrmak baradaky taýsyz tagallalary, tükeniksiz aladalary her pursatda özüniň ýokary netijelerini görkezip gelýär. Bu geçen ýekşenbe güni tutuş ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary babatda hem şeýledigi bilen buýsanjy artdyrýar.