Bilimli nesil – kuwwatly Watan

31 Mart 2021
945

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine hem jogapkärli çemeleşilmelidigini belleýär. Bu ugurda ýurdumyzda görnetin öňegidişlikler gazanylýar.

Gunça ARTYKOWA,
«Daşoguz habarlary».